Авторизация

Пароль

Регистрация
Авторизация
Ваш логин:


Ваш пароль:


Забыли пароль?

РЕГИСТРАЦИЯ
Запись - Gözleg
Есть проблема: для корректной работы сайта необходимо включить поддержку JavaScript в браузере
Wonderful
5 д. назад (8 Апр 2021, 10:08)
Gözleg
Durmuş misli gözýetim,
Gözýetimiň çägi ýok.
Men elmydama gözledim,
Gözlemegiň çägi ýok.

Näçe ýol bar, ýodalar,
Beýiklik bar, çuňluk bar
Emma ýürek ot alar,
Seniň, seniň nämäň bar?

Çagyr meni, gözýetim,
Agyr işe baş goşdum.
Öz ýodamy gözledim,
Öz ýodamdan daş düşdüm.

Döwýänleri söýmeýän,
Göripleri has beter
Diýýärler: «Seň gözleýän
Ýoluň nirde ahbetin!»

...Kyn pursatda kim-de kim
(Parhsyz — goja gözelmi),
Unudyp özge zady
Alsa ele gazalmy,

Begenjini sözlese,
Gynanjyny sözlese,
Goşgym bilen gürleşip,
Dertdeşini gözlese.

Özi üçin bir ýerde,
Ýatman uzak gijeler,
Bilse galýanmy derde,
Ylham joşar, güýç alar.

Derde goýup, igeläp
Göripleriň toparyn,
Kyn gününde adamy
Men gözlärin — taparyn!

Diňlär meni şäherler,
Diňlär meni obalar.
Ine, meniň çuňlugym,
Beýikligim şu bolar!
Просмотров: 0
Извините, для Вас комментирование недоступно
Комментарии 0
Пока пусто
Реклама

Telefony arassalaýan we goraýan programma
Telefony arassalaýar we işleýşini ýokarlandyrýar...
Söhbetdeşlik
GULSHAT
7 м. назад
Tiko, ok
Tiko
9 м. назад
Wonderful, hol awatardaky surata aşyk bolup otyrynda men
Tiko
12 м. назад
GULSHAT, sagbol siziňkem gutly hem orazalar kabul bolsun
Dil: TM Тема: UltraDesign (WEB)